Фото аптеки   Фото аптеки  

Hojalyk jemgyýetiň taryhy we häzirki wagty

HJ “Ýowşan” 1999-njy ýylda “Arsfarma” ady bilen resmileşdirilýär. Köp ýyllaryň dowamynda HJ “Ýowşan” derman serişdeleriň lomaý we bölek söwdasy bilen meşgullanýar. Dermanhananyň haryt assortimenti köpdürli derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň, näsaglara ideg etmek üçin niýetlenen serişdeleriň 7000 den gowragyny özünde jemleýär.  Onda endokrinologiýada, ginekologiýada, kardiologiýada, gastroenterologiýada ulanylýan serişdeleriň giň gerimi hödürlenýär. Şeýle-de, dünýäniň öňdebaryjy şereketleri bolan: Farmagarant- Germaniýa, Bofur ipsen indastri - Fransiýa, AO «Ýadran» Galenski laboratoriý – Horwatiýa, Witabiotiks– Beýik Britaniýa, Ltd «LMP» - Latwiýa, Generix Healthcare – Hindistan we başg. näsaglara ideg etmek we kosmetiki gözellik serişdeleri bardyr.

Häzirki wagtda “Ýowşan” dermanhanasy bu – paýtagtymyzyň taryhy merkezinde ýerleşip, müşderilere ýokary hilli hyzmatlary hödürlemeklige ugur alýandyr. Dermanhanada işbaşarjaň 16 sany prowizorlar, farmasewtler we lukmanlar zähmet çekýärler. Ol bolsa, alyjylara diňe gerekli bolan ýokary hilli derman serişdelerini almak däl-de, eýsem öz wagtynda ýerlikli maslahat almaklyga mümkinçilik berýär. 

“Ýowşan” dermanhanasy saglyk we gözellik üçin niýetlenen derman serişdelerini öndürýän öňdebaryjy şereketler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şonuň üçin, biz müşderilerimize hödürlenýän ähli önümleriň ýokary hili boýunça 100% kepil berip bilýäris. 

Biziň dermanhanamyzda müşdeleri goldamak boýunça ýörite maksatnama geçirilýär (dürli ýeňillikler, indirim kartlary), çäklenen mümkinçilikli müşderilere derman serişdeleri eltip berilýär... dermanhananyň hünärmenleri farmasewtiki önümleriň saklanylyşy, ulanylyşy boýunça ilata haýyrly maslahatlary berýärler. 

Şeýle-de, biziň dermanhanamyza hassahanalaryň lukmanlary, tiz kömek brigadalaryň lukmanlary uly ynam bildirýärler. Biziň dermanhanamyzda stasionar şertlerinde ulanylýan erginleriň, reanimasiýa serişdeleriň, iň täze antibiotikleriň, wirus gepatitleri bejermek üçin derman serişdeleriň we başg. giň gerimli assortimenti hödürlenýär. 

“Ýowşan” dermanhanasynda hasaby awtomatlaşdyrmak boýunça ýörite “1C” programmasy ulanylýar, hemişelik wideo we audio monitoring geçirilýär, ol bolsa, alnyp barylýan hyzmatlara hemişelik gözegçilik etmeklige we kämilleşdirmeklige mümkinçilik berýär.

“Ýowşan” dermanhanasy iň ýönekeý, ýygy ulanylýan derman serişdelerinden seýrek tapylmasy kyn bolan derman serişdeleriň we parafarmaseftiki önümleriň köpdürlüligi bilen, iň ýokary talaplara laýyk gelýän hyzmatyň esasynda, köp ýyllaryň dowamynda ildeşlerimiziň arasynda ýörgünligi gazandy.   

Biziň maksadymyz:

Adamyň saglygyny goramaklyga ýardam etmek

Biziň gymmatlyklarymyz:

  • Müşderi, hyzmatdaş, kärdeş... tapawudy ýok, adam – biziň iň ýokary gymmatlygymyzdyr.
  • Professionallyk we başarjaňlyk.
  • Geljekde üstünligiň we öňe gitmegiň girewi – kämillige ymtylmak we innowasiýalary girizmek.
  • Dogruçyllyk we ynam – ýokary hiliň we elýeterligiň kepili.
  • Islendik meselä aýratyn we döredijilikli çemeleşme.

«Ýowşan» - Saglygyň sakasynda

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 93 03 22
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 95 03 03

OFIS:
Telefon +993 (12) 95 12 91
Faks +993 (12) 95 12 88
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

MERZ
ESPARMA
IPSEN
LABORATOIRE INNOTECH INTERNATIONAL
Rayner
Bausch
Jadran
Dentinox
LMP
Medochemie
Vitabiotics