DEŇIZ SUWYNYŇ TÄSIRI BARADA.

Deňiz suwunyň biziň saglygymyza peýdalydygyny biz bilýäris. Eger beýle bolmadyk bolsa, çagalykda biziň ene-atalarymyz bizi deňize alyp gitmezdiler))).

(2016-11-11T12:05:05.697527Z1478862305.0)

Hindi ýoga türgenleri biziň eramyzdan öň burun boşlugyny deňiz suwy bilen ýuwmagy endik edipdirler.  Biziň döwrümizde bolsa, burun boşlugyny duz erginleri bilen ýuwmaklyga esaslanan eliminasion terapiýasy, öý şertlerinde dümew bilen göreşmegiň we öňüni almagyň esasy usuly bolup durýar. 

Akwa maris institutynyň bilermenleri “burun we agyz boşlugyny duzly erginler bilen ýuwmak we çaýkamak haýsy kesellerden goraýar?”, “burun we agyz boşlugyny deňiz suwy bilen ýuwmagyň, çaýkamagyň bedene täsiri nähili?” ýaly ýygy berilýän soraglar boýunça takyklyk girizmeklik üçin ylmy-barlag işlerini geçirdiler. 

Burun boşlugyny yzygiderli deňiz suwy bilen ýuwmaklyk arkaly dümew bilen göreşmegiň we öňüni almagyň netijeliligi köpsanly kliniki barlaglardan geçirildi. Barlaglaryň netijerine esaslanyp, köp alymlar dümew, rinit, allergiki rinit we howanyň hapalanmagy bilen baglanyşykly beýleki dem alyş ýollarynyň kesellerinde bu usulyň täsirlidigini ýüze çykardylar. 

• Burun boşlugyny ýuwmaklyk burunda nemiň goýalmagynyň öňüni alýar, nemli bardany bakteriýalardan, wiruslardan, allergenlerden saplaýar.

• Buruny ýuwmaklyk nemiň, bakteriýalaryň, wiruslaryň, allergenleriň burun-bokurdakdan çykarylmagyna jogapkär mikro kirpijekleriň işini gowulaýar. 

• Deňiz duzy we ýodyň ionlary antiseptiki täsire eýe bolmak bilen, nemli bardanyň gaýnaglamasyna getirýän maddalaryň aktiwligini peselýär.

Ulanmaga taýýar we oňaýly serişde hökmünde, Akwa maris önümini maslahat bermek bolar.

Akwa maris Ýadran şereketiniň önümi bolmak bilen, Adriatiki deňziniň tebigy mineral we mikroelementler baýlygyny özünde jemleýär. Deňiz suwy kuwwatlyk berýär, berkidýär we melhem häsiýete eýedir. 

Adriatiki deňziniň unikal aýratynlyklary alymlara Akwa Maris önümini döretmäge mümkinçilik berdi.  Bu önüm millionlarça näsaglara keselden saplanmaga ýardam bermek bilen, her hojalykda keseliň öňüni alyş we nogsanlyklardan goranyş serişdesi hökmünde degişli ornuny eýeledi. 

Häzirki wagtda, Akwa Maris serişdesiniň gulak, bokurdak, burun keselleriniň bejergisi we öňüni alyşy üçin serişdeleri ulanylyşa girizildi. Ol gündelik gigiýena, dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriň, allergiki ýagdaýlaryň öňüni almakda giňden ulanylýar. Her bir durmuşy ýagdaý üçin “degişli” Akwa Maris göz öňünde tutulan.

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 36 60 12
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112
Direktor +993 (12) 97 32 53
Buhgalteriýa +993 (12) 97 32 54
Ammar +993 (12) 97 32 57

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 49 14 63 / 49 14 64
SMS / IMO +993 (62) 62 03 08

OFIS:
Telefon +993 (12) 95 12 91
Faks +993 (12) 95 12 88
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
Telefon +993 (12) 97 32 56
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

Dr.Kade
ESPARMA
IPSEN
B.Braun
Jadran
Dentinox
Besins healthcare
Medochemie