KARTALIN

Soňky döwürde käbir obýektiw sebäplere görä (ekologiki meseleler, stressler we başg.) agyr dermatit (neýrodermit, allergiki dermatit, ekzema, psoriaz) keselli näsaglaryň sany, şol sanda çagalaryň arasynda artýar.

(2016-11-11T11:11:23.340260Z1478859083.0)

Bu keseller ömrüň uzaklygyna täsir etmeýär, emma onuň hiline düýpli negatiw täsir edýär. Deri keselleriň arasynda psoriaz köp gabat gelýän bolsa, ikinji orunda allergodermatozlar durýar. Hususanda, olara ekzema we “çagalaryň” keseli hasaplanýan atopiki dermatit hem degişlidir.

Allergiýaly çagalaryň sanynyň artmagy bilen bu wajyp mesele bolup durýar.  Ol bolsa, köpsanly faktorlara baglydyr, giňden ýaýran iýmite goşulýan emeli goşundylary oňa mysal getirmek bolar. 

Dürli allergodermatozlarda keseliň derejesine, ojaklaryň ýerleşişine, kliniki ýüze çykmagyna görä daşky serişdeler bellenilýär.

Öňki asyryň 50-nji ýyllarynda gormonal mazlaryň ulanylyşa girizilmegi dermatologiki keselleriň bejergisinde öňe gidişlik boldy. Emma soňky gözegçiligiň netijesinde, bu serişdeleriň tizden-tiz täsir edýändigine garamazdan keseliň gaýtadan ýüze çykmagynyň öňüni almaýandygy we ulgamlaýyn hem-de ýerli gaýraüzülmeleriň peýda bolýandygy ýüze çykaryldy.

Onuň bilen baglylykda, özünde tebigy derman önümlerini we gormonal däl düzüm bölegini saklaýan derman serişdeleri özüne ünsi çekýär.  Ýokary terapewtiki täsiri üpjün etmek bilen, bu derman serişdeleriň köpsi gaýraüzülmeleri we oňaýsyzlyklary ýüze çykarmaýar. 

Allergodermatozlaryň bejergisi üçin alternatiw bejergisi üçin KARTALIN mazy degişli etmek bolar. 

KARTALIN derman serişdesi barada

KARTALIN derman serişdesi Tomsk şäherinde ýerleşýän “Astrofarma” şereketi tarapyndan 90-njy ýyllaryň ahyrynda çeredanyň, çopantelpegiň, ewkalipt we lawanda ýagynyň, ary balynyň we beýleki tebigy önümleriň düzümindäki biologiki işjeň maddalary ulanmak bilen işläp taýýarlanylýar.

Kartalin mazy solidolyň esasynda bolup, daşky ulanmak üçin gorag-profilaktiki serişdedir. Düzümine A, D witaminleri, lizosim, ary baly, ewkalipt, lawanda ýaglary, salisil turşusy, solidol girýär. 

Kartalin derman serişdesi Sibir Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Moskwa diplomdan soňky bilim üçin lukmançylyk akademiýasynda, köpsanly dermatologiki merkezlerde kliniki we klinika çenli barlaglardan geçirildi.

Şeýle-de, Kartalin derman serişdesi Türkmenistanyň Ýokanç keseller müdiriýetiniň deri-wenerologiýa hassahanasynda amalda barlaglardan geçirildi. Ýagny, lukmanlaryň we näsaglaryň arasynda oňyn netijeleri gazandy.

Derman serişdesi 2000-nji ýylda Russiýada laýyklyk sertifikatyny aldy, 2002-nji ýylda bolsa, Ýewropa ýurtlarynda hem ykrar edildi.

Kartalin serişdesiniň esasy aýratynlygy onuň gormonal däldigidir, şonuň esasynda ol deri keselleriň bejergisinde öz ornuny eýeledi. Kartalin gaýnaglama garşy, dikeldiji, keratolotiki täsirli bolup, ýerli-gyjyndyryjy, allergiki, zäherli täsirlerinden sapdyr.

Şeýlelikde, ol neýrodermitleriň, dürli ekzemalaryň, allergiki dermatozlaryň täsirli serişdesi bolup durýar.

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 36 60 12
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112
Direktor +993 (12) 97 32 53
Buhgalteriýa +993 (12) 97 32 54
Ammar +993 (12) 97 32 57

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 49 14 63 / 49 14 64
SMS / IMO +993 (62) 62 03 08

OFIS:
Telefon +993 (12) 95 12 91
Faks +993 (12) 95 12 88
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
Telefon +993 (12) 97 32 56
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

Dr.Kade
ESPARMA
IPSEN
B.Braun
Jadran
Dentinox
Besins healthcare
Medochemie