DERIASTY SAKYRTGASY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI.

Deri keselleri daşky durka zyýan ýetirmek bilen ýaşaýşyň hilini peseldýär. Ýüzde adaty bolmadyk düwürtikler dürli sebäplere görä peýda bolýar, olaryň biri hem – deriasty sakyrtgasy tarapyndan döredilýän ýokanç demodekoz keselidir.

(2016-11-11T10:54:49.897509Z1478858089.0)

Sakyrtga mikroskopiki, dury gurluşly, 0,2-0,5 mm ölçegde bolýar. Adaty göz bilen seredilende görünmeýär, mikroskop arkaly görüp bolýar. 

Bedeniň deri gatlagynda mugthorluk edýär, saç follikulalarynda, ýag akymynda, meýbomiý mäzleriň akymynda ornaşlýar. Mugthor ýag mäzleriniň bölünmelerinden, kosmetiki serişdeleriň ýag komponentlerinden, saç follikulalarynyň öýjükleri bilen iýmitlenýär. Sakyrtganyň ýaşaýyş işjeňligi diňe kosmetiki zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, deriniň gyjyndyrylmagyna we gaýnaglamagyna getirýär. 

Demodeks köp adamlarda gabat gelýär, emma köp wagtyň dowamynda özüni ýüze çykarmaýar. Käbir faktorlaryň täsirinde kesel ýüze çykýar. 

Keseliň ýüze çykmagynyň sebäpleri 

Gormonal kremleriň we mazlaryň ulanylmagy.

Bedeniň gormonal fonunyň çürt-kesik üýtgemegi.

Immunitetiň peselmegi.

Deriniň gaýnaglama we ýokanç keselleri.

Dogry däl iýmitlenmek.

Stressler.

Kosmetiki serişdelerini aşa köp ulanmak.

Demodekoz ýokançlanmak köplenç, gönüden-göni galtaşma arkaly geçýär. Gözellik salonlarynda ýüz arassalananda hem geçip bilýär, şonuň üçin kosmetologiýa hyzmatlaryna ünsli çemeleşmeli. 

Demodekozyň esasy alamatlary:

Düwürtikler we giňelen deri öýjükler. Deriasty sakyrtgalar ýüzüň ýag mäzlerini böwetleýär, gaýnaglama we düwürtikleriň peýda bolmagyna sebäp bolýar. Deri çalt ýaglanýar, onuň bilen ýagdaý has beterleşýär. Iriňli düwürtikler ýarylýar, ýarajyklar emele gelýär, ýokanjyň goşulmagy mümkin. 

Gözüň gabaklarynyň çişmegi we gyzarmagy, gijilewük, gözlerde çäge bar ýaly duýgy. Ittirsegiň ýygy çykmagy, kirpikleriň ýelmeşmegi, gabaklaryň we gaşüsti duga zolagynyň derisiniň soýulmagy. Demodekozda gabagyň derisi kirpikleriň töwereginde soýulmak bilen gelşiksiz gowlary emele getirýär. 

Saçyň we kirpikleriň düşmegi. Saç follikulalaryndan iýmitlenmek bilen sakyrtgalar saç köküniň ölmegine we saçyň düşmegine getirýär. 

Deriasty sakyrtganyň bejergisi 

Demodekoz bejerilmedik ýagdaýynda, kesel ýaýbaňlaşýar – ýüzüň derisi çişýär, sagdyn däl çalymtyl öwüsýär, kapillýarlary giňelen, tümmeler we düwünler bolýar. 

Demodekoz toplumlaýyn bejerilýär, adatça 1,5-3 aý dowam edýär. Daşky bejergi metronidazolyň esasyndaky derman serişdeleri bilen geçirilýär. Häzirki zaman farmasewtika senagaty spreýler, mazlar we kremler görnüşinde dürli derman serişdelerini hödürleýär. Biziň dermanhanamyzda iň täsirli we elýeterli görnüşi – Rozamet kremidir. 

Ondan başga, kükürt, natriniň tiosulfatyny, kükürt-garaýag spirt saklaýan mazlar ulanylýar. Kremlerden başga, garaýag sabynyna ýuwunmak, ýüzi çopantelpek, kalendulanyň demlemeleri bilen süpürmek maslahat berilýär. 

Gigiýenanyň kadalaryny berjaý etmeklik. Bejergi geçirilende gigiýenanyň kadalary berjaý edilmelidir – gaýtadan ýokuşma ähtimaldyr. Onuň öňüni almak üçin ýassyk daşlary, desmallar ütüklenmeli, perli we sütükli önümler ýüň we sintetiki görnüşine çalşylmaly. Ähli pudralar, makiýaj üçin çotgajyklar, pomadalar we tuşlar çalşylmalydyr. 

Bejergi geçirilýän döwründe ýerine ýetirilmeli maslahatlar bardyr. Bejergi wagtynda hammamlardan, fizioterapewtiki amallardan, günden gaça durmaly, kosmetiki amallar geçirilende skrablar, spirt saklaýan losýonlar ulanmaly däldir. 

Öňüni alyş çäreleri

Özüni derasty sakyrtgasyndan goramak isleýän sagdyn adamlar üçin lukmanlar gigiýeniki düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler. Elleri we ýüzi antibakterial sabyny bilen ýuwmak, diňe özüňe degişli bolan gigiýeniki esbaplary (darak, kosmetika, desmal) ulanmak, dogry iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesi onuň kepili bolar. Maslahatlar berjaý edilen ýagdaýynda, demodekoz bilen kesellemek ähtimallygy örän pes bolar. 

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 36 60 12
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112
Direktor +993 (12) 97 32 53
Buhgalteriýa +993 (12) 97 32 54
Ammar +993 (12) 97 32 57

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 49 14 63 / 49 14 64
SMS / IMO +993 (62) 62 03 08

OFIS:
Telefon +993 (12) 95 12 91
Faks +993 (12) 95 12 88
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
Telefon +993 (12) 97 32 56
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

Dr.Kade
ESPARMA
IPSEN
B.Braun
Jadran
Dentinox
Besins healthcare
Medochemie