ÇAGALARDA BEDENIŇ SUWSUZLYGY BILEN.

Iýmit siňdirişiň ýiti bozulmalarynyň aýdyň alamatlary bolan içgeçmede we gaýtarmada haýsy çäreleri geçirmelidigi her bir ene-ata bellidir. Elbetde, bu ýagdaýda lukmany çagyrmaly ýa-da “Tiz kömek” gullugyna jaň etmeli. Ýöne ondan öň näme etmeli?

(2016-11-11T10:46:22.613324Z1478857582.0)

Gaýtarma, ýürek bulanma peýda boldy, täret ýygy, suwuk,  siňmedik iýmit bölejikleri, nem gatyşykly. Gaýtalanýan gaýtarma we ýygy suwuk täret sebäpli kiçi ýaşly çagalarda 6-8 sagatdan soň howp salýan bedeniň suwsuzlygy ýüze çykyp biler. Bedeniň gyzgynlygy bolsa, titremeleri ýüze çykaryp biler. Siziň ýerine ýetirmeli amalyňyz – tizden-tiz lukmany çagyrmaly, wagt ýitirmezden hereket etmeli. Bu ýagdaýda ýokanjyň haýsy görnüşidigi wajyp däldir (içege keselleriň 40-dan gowrak görnüşi bardyr), bedeniň suwsuzlanmagyndaky berilmeli kömek birmeňzeşdir. 

Zäherli maddalardan saplanmak:

Içege kesellerinde gaýtarmak we iç geçme bedeniň gorag jogabydyr, beden bakteriýalardan we olaryň öndürýän zäherli maddalaryndan saplanmaga synanyşýar. Bu ýagdaýda bedene kömek hökmünde aşgazany ýuwmak täsirli bolar. Öý şertlerinde gaýnadylan suw bermeli, gaýtarmak arkaly aşgazan toksinlerden we bakteriýalardan saplanar. 

Çaganyň bedeniniň suwsuzlanmagynyň öňüni almak üçin wagty gijikdirmän, köp möçberde suwlandyrmaly. Ýöne, suwuk täret we gaýtargy bilen diňe suw ýitirilmän, ýüregiň, böwrekleriň, kelle beýniniň kadaly işlemegi üçin natriniň, kaliniň, hloryň möçberi hem azalýar.  Şonuň üçin bedeniň suwsuzlygyny aýyrmak üçin diňe suw ýeterlikli däldir, duz erginleri hem gerek bolýar. 

Dünýäde soňky 30 ýylyň dowamynda suwuň we mineral maddalaryň patologiki ýitirilmeginde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan taýýarlanan glýukoza-duz erginleri ulanylýar. Ol külke görnüşinde bolup, dermanhanalarda elýeterlidir. 

Biziň ýurdumyzda REGIDRON derman serişdesi özüniň täsirliligi üçin giňden ulanylýar.  Ulanylmazyndan öň derman serişdesini 1 litr gaýnadylan ýyly suwda eredýärler we çaga içirýärler. Preparat suwuň we mineral maddalaryň ýitgisiniň öwezini doly derejede doldurýar, indiki suwsuzlanmagyň öňüni alýar.  REGIDRONYŇ kabul edilmegini şol möçberde çala demlenen çaý, ýa-da gaýnadylan suw bilen gezekleşdirmeli. Bu bolsa, duzlaryň aşa köp kabul edilmeginiň öňüni alýar.

Iýmit siňdirişiň bozulmalarynda nämeden gaça durmaly:

  • Özbaşdak antibiotik serişdelerini bellemeli däl – bu ýagdaýda antibiotikler keseliň geçişini agyrlaşdyrýar we içegäniň mikroflorasynyň bozulmagyna (disbioz) getirýär. 
  • Ferment preparatlaryny bermäge gyssanmaň (Festal we başg.). Olar iç geçmäni güýçlendirip biler, esasanda wirus gelip çykyşly içege ýokançlarynda. 
  • “Margansowka” erginini çagalara içmäge bermäň! 

Ilkinji nobatda lukmana ýüz tutmagy ýatdan çykarmaň!  

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 36 60 12
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112
Direktor +993 (12) 97 32 53
Buhgalteriýa +993 (12) 97 32 54
Ammar +993 (12) 97 32 57

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 49 14 63 / 49 14 64
SMS / IMO +993 (62) 62 03 08

OFIS:
Telefon +993 (12) 95 12 91
Faks +993 (12) 95 12 88
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
Telefon +993 (12) 97 32 56
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

Dr.Kade
ESPARMA
IPSEN
B.Braun
Jadran
Dentinox
Besins healthcare
Medochemie