GÜNE ÝANMAKDAN GORAG!

Eger pyýada gezelençden soň ýeňil ýadawlyk we serginlikden başga deriniň gyzarmagy, hat-da pakgarmagy peýda bolsa, güne ýanmagyň bejergi usullaryny gözlemeli bolýar.

(2016-11-11T10:27:50.407275Z1478856470.0)

Elbetde, güne ýanmakdan goranmagyň täsirli usuly – öňüni almakdyr. Günden goranyş üçin serişdeler,  şlýapa, panama, kepka, ýapyk eşik, günorta wagtda kölegede bolmak ýaly hereketler gaýnadylan leňňeje çalymdaş bolmakdan gorar)) Emma, öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmek başartmadyk bolsa, güne ýanmagy nähili bejermeli, nähili häzirkizaman usullary bar? 

Günüň täsirinde ýüze çykýan ýanyklar köplenç ýüzleý, gyzarma bilen häsiýetlenýär, güýçli ýanyklarda pakgarmalar peýda bolýar. Emma ýanygyň howplulygy diňe çuňlugyna däl, eýsem meýdanyna-da baglydyr.  Käbirleri öte geçmek bilen bedeniniň 99% meýdanyna ýanyk alýarlar.  Günüň täsirinde ýüze çykýan ýanyklar 8-12 sagat geçenden soň doly özüni ýüze çykarýar. Deri gyzarýar, çişýär, agyryly, gijeýär, duýgur, ýeňil zeperlenýär, ýokançlanýar, çyglylygy ýitirýär. 

Güne ýanmaklygy öý şertlerinde bejermeklikde Pantenol serişdesini maslahat berip bolar. Pantoten kislotasynyň esasynda taýýarlanan bu serişde güne ýanmakda agramly kömek bermek bilen, deriniň zeperlenen öýjükleriniň dikeldilmegine ýardam edýär. Esasy täsir edýän madda – deksapantenoldyr, ol beden üçin zyýansyzdyr. 

Günüň täsirinden goranmak we onuň netijelerini aýyrmak üçin bu serişde oňyn täsirlidir, agyryny aýyrýar, deri örtüginiň dikelmegine ýardam edýär. Ondan başga, “Pantenol” elýeterlidir. 

Käbir ýagdaýlarda, lukmançylyk kömegi derwaýys zerur bolýar, ýagny: 

  • Deride pakgarmalar peýda bolsa;
  • Eger bedeniň 50% meýdany zeperlenen bolsa (meselem, göwräniň tutuş ýokarky bölegi, boýun, eller) 
  • Eger ýüze zeper ýeten bolsa;
  • Eger ýokary temperatura, kelle agyry, ýürek bulanma biynjalyk etse – gün urmaklygyň aýdyň alamatlarydyr.

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 36 60 12
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112
Direktor +993 (12) 97 32 53
Buhgalteriýa +993 (12) 97 32 54
Ammar +993 (12) 97 32 57

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 49 14 63 / 49 14 64
SMS / IMO +993 (62) 62 03 08

OFIS:
Telefon +993 (12) 95 12 91
Faks +993 (12) 95 12 88
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
Telefon +993 (12) 97 32 56
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

Dr.Kade
ESPARMA
IPSEN
B.Braun
Jadran
Dentinox
Besins healthcare
Medochemie