ÝADAWLYGY ÝEŇIP GEÇ!

Ýadawlyk, ysgynsyzlyk (asteniýa) – ýaly arzlar bilen köplenç lukmana ýüz tutulýar, şol bir wagtyň özünde olar asteniki bozulmalaryň esasy alamatlary bolup durýar.

(2016-11-11T10:04:59.434232Z1478855099.0)

Asteniki ýagdaý – bu patologiki ýagdaý bolup, aýlap-ýyllap dowam edýär, dynç alnanda-da aýrylmaýar we lukmançylyk kömegi zerur bolýar. 

Asteniki bozulmalar işe ukyplylygyň peselmegine getirýär, adaty ýaşaýyş işjeňligini bozýar, onuň fonunda has agyr psihiki ýa-da somatiki bozulmalar ýüze çykýar. 

Asteniýa kelle beýnisiniň dowamly damar ýetmezçiliginiň ilkinji alamaty bolup biler. 

Häzirki döwrüň başagaýlygynda günüň dowamyndaky ähli täzelikleriň we wakalaryň başdan geçirmeleri bilen biz günüň soňunda öň ýüze çykmaýan ýadawlyk duýgusy peýda bolýar. Adaty işler kynlyk bilen başardýar, islendik täze başlangyçlar – kiçiräk edermenlik ýaly görünýär.  Dowamly ýadawlygy, gyjyndyryjylygy, gaharjaňlygy öň üns bermeýän pursatlarymyz hem ýüze çykýarýar. Kelle agyry, başaýlanma, ukusyzlyk, “gerekli” adamlaryň atlaryny, tanyş telefon belgileri ýatdan çykarmak ýaly ýagdaýlar peýda bolýar. Lukmançylyk dilinde bu ýagdaýa asteniýa diýilýär. 

Hakykatdan-da, asteniki ýagdaýlar häzirki döwrüň meselesine öwrüldi. Bellenilip geçilen ýagdaýlar köplenç ýygy kelle agyry, gijeki ukynyň bozulmagy bilen gündiz ukuçyllyk, içki birahatlyk, howsala, gowuşgynsyzlyk bilen utgaşýar. 

Bu ýagdaýlarda lukmanlar Tanakan serişdesini hödürleýärler ol fransuz bilermenleri tarapyndan taýýarlanan serişdesi bolup, bütin dünýäde 20 ýylyň dowamynda giňden ulanylmak bilen oňyn netijeliligini görkezdi. 

Tanakan beýni gan aýlanyşyny gowulaýar, beýniniň kislorod we glýukoza üpjünçiligini sazlaýar, madda çalşygyny kadalaşdyrýar, öýjük membranalaryny zeperlenmelerden goraýar. Bularyň ählisi ýatkeşligiň we ünsüň aýdyňlaşmagyna getirýär, aň iş ukyplylygyny ýokarlandyrýar. 

Adam özüni sergin, aktiw duýýar, ýaşaýyşa höwesi artýar. Tanakan serişdesi özüni duýuşy gowulaýar, ukysyny doly alyp bilmediklere gündiz şähdiaçyk, dury aňly bolmaklyga ýardam edýär. Her bir zähmet intensiw akyl işjeňligini talap edýär, çylşyrymly meseleleriň çözgüdi barada pikirlenmeli bolýar, işbaşarjaňlyk häsiýetini günüň dowamynda saklamaly bolýar. 

Tanakany başga derman serişdeleri bilen utgaşdyryp ulanyp bolýar, öwrenişme ýüze çykarmaýar. Kabul edişiň dowamynda Tanakanyň täsiri artýar. 

Tanakan günde 3 wagtyna 1 tabletkadan iýmit wagtynda kabul edilýär. Bejerginiň dowamlylygy 3 aý. 

Russiýanyň Lukmançylyk ylymlary akademiýasynyň Newrologiýa ylmy-kliniki institutynyň maglumatlaryna görä, beýni damar ýetmezçiliginiň 3 aý Tanakan bejergisinden soň bejeriş täsiri 12 aýa çenli saklanýandygy aýan boldy.

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 36 60 12
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112
Direktor +993 (12) 97 32 53
Buhgalteriýa +993 (12) 97 32 54
Ammar +993 (12) 97 32 57

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 49 14 63 / 49 14 64
SMS / IMO +993 (62) 62 03 08

OFIS:
Telefon +993 (12) 95 12 91
Faks +993 (12) 95 12 88
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
Telefon +993 (12) 97 32 56
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

Dr.Kade
ESPARMA
IPSEN
B.Braun
Jadran
Dentinox
Besins healthcare
Medochemie