KÖRPÄŇ IÇ SANJYNA WE IÇ ÝELLENMESINE GARŞY TASIRLI SERIŞDE

Elbetde, her bir ýaş ene “iç sanjy (КОЛИКА)’’ diýen birhili söz bilen öň duş gelendir.

(2021-06-28T11:52:30.631669Z1624873950.0)

Elbetdeher bir ýaş ene “iç sanjy (kolika)’’ diýen birhili söz bilen öň duş gelendir.

Çaga lukmanyň aýdyşyna görä - çaganyň  iç sanjy (kolika) diňe çaga üçin däl , eýsem onuň ene atasy üçinem uly birahatlyk getirýan meseleleriň biri. Iç sanjy bilen iç ýellenme bir zat hasap edilýär ýöne ol ýalňyşlyk. Iç sanjy çagada belli bir wagt bolýar – agşamlyk we gije wagtlary. Çaga gaty aglaýar,iň bärkisi enesiniň göwsini hem almaýar we bular ýaly ýagdaýda ony köşeşdirmek kyn bolýar.

Aslynda iç sanjy – içgin seretsek bu kesel däl , ýagny ol täze dogulan bäbeklerde adaty bolup geçýän fiziologiki  ýagday. Adatça iç sanjy üç aýa çenli dowam edýar, käbir ýagdaýlarda bolsa dört aýa çenli hem dowam edip bilýär. Cagada iç sanjynyň (kolika) gaty güýjeýän wagty – dogulan wagtyndan altynjy hepdä gabat gelýär.

Iç sanjy – aslynda bu lukmana ýüz tutman hem derman serişdelerini ulanman, öý şertlerinde çözülýän meseleleriň biri.

 

ÇAGANYŇ IÇ SANJY ( KOLIKA ) NÄME SEBÄPLERDEN BOLUP BILER?

-      Maşgalada stress ýagdaý bolsa, ene ynjalyksyz bolsa;

-      Çaganyň iýmitlenýän wagty içini ýel gapsa;

-      Iýmit siňdiriş we merkezi nerw ulgamlary doly kemala gelmedik ýagdaýlarynda;

-      Içege dizbakteriozy;

-      Çaga ýa ene antibiotik serişdeleri kabul edip başlasa;

-      Çagany emeli iýmitlendireňde;

-      Enede gormonal bozulmalar;

-       Ýokanç we beýleki keseller bolanda.

 

      ŞULAR ÝALY ÝAGDAÝDA ENE ÜÇIN NÄME MASLAHATLAR BERIP BOLAR?

Çaga emenden soň, ony arkan ýatyryp, garnyny ýüzüni sagadyň diliniň ugry boýunça, emaý bilen sypalamaly. Ol içegäniň kadaly işlemegine ýardam eder.

·       Çagany öz garnyňyzyň üstüne goýuň – şeýle ýakyn kontakt körpäni köşeşdirer.

·       Emdirýan wagtyňyz çaganyň ýatyşyny üýtgedip eliňizde yralaň.

·        Iç sançmanyň öňüni almak üçin çaga emdirlenden soň ony dik ýagdaýda saklap içiniň ýelini çykarmaly.

·        Ony dolaň we gujagyňyza alyp gyzdyryň. Çaganyň iç sanjyda garny gatap bilyär bu ýagdaýda kiçiräk maşk edip bilersiňiz – aýajyklaryny alyp garnyna tarap epiň we ýuwaşlyk bilen garnyny basyň.

 

EGERDE BU MASLAHATLAR KÖMEK ETMESE – ONDA DERMAN SERIŞDELERINI ULANYP BILERSIŇIZ.

Emma derman serişdeleriniň  her tüýslisi bar, şu ýagdaýda amatlydan howpsuzdan haýyrlysy – Espu-san bebi bolup biler.

Espu -san bebi ösümlik  otlaryň esasynda ýasalan serişde bolup düzüminde fenheliň ýagy, ukrop däneleriniň ýagy we simetikon bar.

Fenhel çaganyň aşgazan we iç sanjyny ýeňilleşdirmek üçin hemde iç ýellenmesini aýyrmak üçin ulanylýar.

Ukrop  däneleriniň  ýagy  fitonsidlardan ybarat. Olar bakteriýalary  we komelejikleriň osüşini peseldýär, madda çalşygy (metabolizm) gowlandyrýar

hem-de içegäniň mikroflorasynyň arassalanmagyna getirýär. Onuň düzümindewitamin A, C, foliý turşusy, kalsiý we kaliý bar. Ukrop däneleriniň ýagy nemli bardany

arassalaýar we immunitedy berkidýär.  6  aýlyk çagalara has oňaýly kömek edýär.

Simetikon körpäň içindäki uly howa köpürjiklerini dargatmana ýardam edýar.

Bu serişdäniň gowy taraby – ol çagada hiç hili öwrenişme häsiýetini döredenok.

Espu – san bebi serişdäni çaga bereniňizden soň – onuň täsiri çaga 15-30 minutdan bildirip başlar.

Hormatly ene atalar , bu ýagdaýda size azajyk sabyrly  bolmagyňyzy arzuw edyaris!

 

 

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 36 60 38
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112
Buhgalteriýa +993 (12) 97 32 54
Ammar +993 (12) 97 32 57

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 95 03 03 / 97 32 55
SMS / IMO +993 (62) 62 03 08

OFIS:
Telefon +993 (12) 97 32 60
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
Telefon +993 (12) 97 32 56
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

Dr.Kade
ipsen
b.braun
jadran
dentinox
medochemie
DR.THEISS
MERZ Pharma
Ursapharm
Sanochemia
Ratnamani Healthcare
Fixderma